Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça çempionat geçirildi

13:1509.04.2020
0
7391

Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň halkara gününiň we Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatdaky 85-nji orta mekdepde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi.

Garaşylmadyk netijeler ýurdumyzda sportuň bu görnüşi boýunça zehinli ýaşlaryň ýetişip gelýändiginden habar berýär. Mysal üçin, oglanlaryň arasynda bürünç medala mynasyp bolan 11 ýaşly Wepa Meredow hemmeleri haýran galdyrdy. Tejribeli tälimçi Lidiýa Ahmedowanyň şägirdi özünden has uly bäsdeşlerinden hem ezberlik bilen üstün çykmagy başardy.

Mahlasy, oglanlaryň arasynda birinji orny Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 13 ýaşly okuwçysy Alibek Jumanow eýeledi. Lebap welaýatynda önüp-ösen zehinli türgen tejribeli tälimçi Raşit Ahmedowyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem hemmelerden üstün çykypdy.

Alibekiň synpdaşy Yslambeg Orazlyýew bolsa kümüş medaly eýeledi.

Gyzlaryň arasynda bolsa Ogulgerek Hemraýewa ýeňiji boldy. Lidiýa Ahmedowanyň şägirdi, şeýlelikde, iri ýaryşlardaky ilkinji ýeňşini gazandy. Ýaryşda kümüş medala Aýlar Nurgeldiýewa, bürünç medala Nabat Babaýewa mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň