Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda basketbol ýaryşy geçirildi

13:0409.04.2020
0
4107

Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» köpugurly sport toplumynda ýörite-orta hünär mekdepleriň arasynda basketbol boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşlarda paýtgatyň Demirýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplary has netijeli çykyş etdiler. Tälimçi Sylapberdi Gurbanowyň aýdyşy ýaly, olaryň aglabasy basketbol bilen ozaldan hem meşgullanyp gelýän ýaşlardyr. Mekdebiň Aýnazar Garaýaew, Seýran Orazow, Merdan Egemberdiew, Nurmuhammet Amannazarow, Şirmyrat Rejebow ýaly talyplarynyň maksada okgunly oýny olary arzyly ýeňşe ýetirdi.

Bu hünärment mekdebinde basketboldan başga-da, talyplar futbol, woleýbol, ýeňil atletika, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly görnüşler bilen hem ýakyndan gyzyklanýarlar.

Ýakynda bu ýerde ýurdumyzyň ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sportuň woleýbol we futbol görnüşleri boýunça hem ýaryşlar geçiriler. Hünärmenler öňdäki ýaryşlarda hem geljekki demirýolçularyň ýeňiş gazanmaga has ýakyndygyny aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň