"Türkmenistan Sport" halkara žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

12:5509.04.2020
0
11036

Žurnal «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly makala bilen açylýar. Onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna we hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan daşary we içeri syýasatyň möhüm ugurlary bellenip geçilýär. Makalada, hususan-da «açyk gapylar» syýasatynyň Türkmenistana halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga, şol sanda täze sport desgalarynyň gurulmagyna, milli ýaryşlaryň ýokary derejede geçirilmegine hem-de ýurduň türgenleriniň dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigi nygtalýar. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň, aýratynam ösüp gelýän ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin mümkin bolan ähli şertler döredilýär. Berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe türgenlerimiz halkara derejesiniň ähli talaplaryna jogap berýän döwrebap sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, tejribe toplamaga, ussatlyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik alýarlar.

Žurnalda «Saglyk ýolundaky sport baýramçylygy»atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda fewral aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, Mejlisiň, harby hem-de hukuk goraýjy düzümleriň, ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş barada täsirli gürrüň berilýär.

Häzirki wagtda türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Şol ýaryşlarda ýokary sport görkezijilerini gazanmak üçin lukmançylyk taýdan rugsat edilýän ýörite iýmit goşundylaryndan peýdalanmagyň ähmiýeti hem uludyr. «Woleýbolçynyň iýmitleniş düzgüni» atly makalada haýsy witaminlerden, nähili peýdalanylmalydygy barada maslahatlar berilýär.

Žurnalyň zähmetsöýer işgärleri hem-de okyjylary üçin kiçijik, ýöne örän wajyp waka bolan, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň ilkinji sanynyň çapdan çykmagynyň birýyllyk senesine aýratyn sahypa berlipdir. Bu neşir bedenterbiýe pudagy boýunça öňe sürülýän döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň depginlerini çeper beýan etmäge, ýurduň ilatynyň, hususan-da ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegini üpjün etmäge, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sport durmuşyny, türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerini hemmetaraplaýyn şöhlelendirmäge gönükdirilendir. Gysga wagtyň dowamynda žurnal öz okyjylarynyň egsilmez söýgüsini gazanmaga ýetişdi.

«Halypa-şägirtlik ýoly ― kämillik mekdebi» atly makala, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçen, türkmen sportunyň ýaşuly wekilleriniň ýaş türgenler, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary bilen bolan duşuşygyna bagyşlanýar. Bu duşuşygyň baş maksady türkmen ýaşlarynda ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän Watançylyk duýgusynyň ösmegine ýardam etmekden ybarat boldy.

Okyjylarymyz geçmişde uly meşhurlyk gazanan daşary ýurtly türgenler hakynda gürrüň bermegimizi sorap, bize häli-şindi ýüz tutýarlar. Esasanam, olary «futbol ýyldyzlary» gyzyklandyrýar. Bu gezek hem žurnal öz döwründe futbolyň şasy Peläniň hut özi bilen deňeşdirilen meşhur portugal futbolçysy Eýsebio hakynda «Gara göwher» atly makala taýýarlady. Eýsebio XX asyrda Ýewropanyň iň güýçli futbolçylarynyň arasynda altynjy, dünýä-de bolsa dokuzynjy orunda diýlip hasaplanylýar.

Sportuň haýsy görnüşiniň janköýeri has kän?! Žurnal daşary ýurt neşirlerine salgylanmak arkaly sportuň dünýä ýüzünde iň giňden ýaýran görnüşleriniň 10-syny kesgitledi. Şeýle hem «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly türkmen ýaşlarynyň arasynda iň ýörgünli sport görnüşlerini anyklamak üçin ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda pikir soraşma geçirdi. «Türkmenistanda iň meşhur 10 sport görnüşi» atly makalanyň üsti bilen siz pikir soraşmanyň netijesi bilen tanşyp bilersiňiz.

XXXII Tokio Olimpiýa oýunlarynyň möhletiniň süýşürilendigine garamazdan, žurnalda sportuň we ýaşlygyň bu bütindünýä baýramçylygyna bagyşlanan maglumatlar az däl. Žurnalyň üsti bilen Oýunlara gatnaşjak türgenleri kabul etmeli baş stadion bilen, Ýaponiýanyň paýtagtynyň gözellikleri bilen, şeýle hem türkmen türgenleriniň bu uly sport ýaryşyna taýýarlyklarynyň barşy bilen tanşyp bilersiňiz.

Belli futbolçy, 1992-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji çempiony, sport ussady, häzirki wagtda çagalara futbolyň inçe tilsimlerini öwredýän tejribeli tälimçi Arslan Annaöwezow bilen bolan söhbetdeşlik yhlas etseň,“arzuwyň myrat tapýandygy” hakynda gidýär.

«Esasy zat ýeňiş gazanmak däl-de, gatnaşmak» diýen şygar sportsöýüjileriň aglabasyna mälim. Sport babatynda şeýle ýörgünli bu söz düzümi haçan döräpdir?! Okyjy 1908-nji ýylda Londonda geçen IV Olimpiýa oýunlary barada maglumatlary okap, bu sowala jogap alar. Bu şygar indi ençeme ýyl bäri Mary welaýatynyň Murgap etrapynyň Hyrslan Jumaýew adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy 75 ýaşly ýaşuly Aga Orunowyň hem durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Ol welosipedli we pyýada ýörişleri geçirmek, sport ýaryşlaryny guramak bilen ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Bu barada gürrüň berýän «Ýaşuly nesil sport bilen meşgullanmagy nesihat edýär»atly makala hem ýaşlaryň ünsüni çekse gerek.

Şeýle hem okyjylar žurnal arkaly beýleki gyzykly makalalar, sport täzelikleri bilen tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň