Soňky habarlar

Arhiw

1 sekuntda satyldy

12:5008.04.2020
0
1300

Golaýda onlaýn görnüşde tanyşdyrylan “Honor 30S” smartfonynyň satuwy hem internet arkaly amala aşyryldy. Kompaniýanyň täze harydynyň ilkinji tapgyry bary-ýogy 1 sekuntda satylyp gutardy. Şereket bu satuwdan 100 million ýuan girdeji alandygyny mälim etdi. Bu bolsa, 40 müň töweregi telefon satylandygyny görkezýär. 5G aýratynlygy bolan telefon arzan bahaly bolmagy bilen ünsi çekipdi. Ululygy 6,5 dýuým bolan enjam 64 MP durulygynda surata düşürip bilýär. Yz tarapyndan jemi 4 sany kamera sensory bolan telefon ýakyn geljekde global bazara hem hödürlener. Ýeri gelende aýtsak, telefon 2399 ýuan (340 dollar töweregi) bahadan satuwa çykarylypdy. Hytaýyň käbir şereketleri elektron enjamlaryny diňe internet arkaly satuwa hödürläp, müşderileriniň sargytlaryny hem internet arkaly kabul edýärler. Elektron usulda tölegi geçirilen haryt alyjynyň salgysyna eltilip berilýär. Dükan tekjelerine goýulmadyk we mahabat üçin çykdajy edilmedik enjamlar has elýeterli bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň