Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly dolandyryş okuwlaryna daşary ýurtly professorlar hem teleköpri arkaly gatnaşýar

23:1407.04.2020
0
1583

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek» atly taslamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň bilermenleri üçin sanly dolandyryş ugruna degişli gysga möhletli okuwlar başlandy. Şu ýylyň 24- nji martynda başlanan okuw 30-njy maýa çenli dowam eder ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu okuwlar «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlardan we wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysadyýet boýunça ösüşlerine has-da giň gerim bermek maksady bilen alnyp barylýar.

Gysga möhletli okuwlaryň maksady ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumat-kommunikasiýa bölümleriniň ýokary bilimli hünärmenleriniň sanly ykdysadyýet boýunça bilimini ýokarlandyrmak hem-de olaryň sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri baradaky umumy düşünjelerini berkitmekden ybarat bolup, okuwa gatnaşýan hünärmenleriň alyp barýan işleriniň durmuş bilen baglanyşykly ýollaryny güýçlendirmäge, ykdysadyýetiň ösüş depginlerini ýokarlandyrmaga niýetlenilendir. Şunuň bilen baglylykda, bu okuwa ýurdumyzyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan jemi ýigrimi bir hünärmen gatnaşýar.

Okuwa gatnaşýan diň­leýjiler ýurdumyzyň dolandyryş işinde maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýetde maglumat ulgamlary, maglumat howpsuzlygynyň esaslary we maglumat gorlary, ýagdaýy seljermek we dolandyryş çözgütleriniň modelleri, elektron hökümetiň tehnologiýalary, maglumatlaryň intellektual taýdan seljerilişi, maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyrylyşy, üýtgeşmeleri dolandyrmak, döwlet maliýe serişdelerini we bank pudagyny dolandyrmak, sanly dolandyryşyň kadalaşdyryjy-hukuk esaslary ýaly temalara degişli häzirki zaman düşünjelerini çuň­ňur özleşdirmek hem-de olar boýunça alnyp barlan işleri amaly taýdan durmuş ulgamlarynda kämilleşdirmäge ugur alarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçirilýän okuwyň dowamynda di­ňe öz ýurdumyzyň ussat hünärmenleri däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenler hem göni we teleköpri arkaly okuwy guramaga gatnaşyp, ýurdumyzda okatmagyň täze tehnologiýalary boýunça diň­leýjilere bilim bermäge hem-de olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga kömek berýärler.

Mu­ňa mysal edip, akademiýanyň 2012-nji ýyldan bäri hyzmatdaşy bolan Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň maglumat gorlaryny dolandyrmak, şeýle hem döwlet dolandyryşy we gurluşy kafedralarynyň professor-mugallymlary, hünärmenleri Aşgabat şäherinde guralýan okuwyň diň­leýjileri üçin Minsk şäherinden teleköpri arkaly sapak bermäge gatnaşdylar. Bu çäräniň özi okuwyň guramaçylyk gerimini gi­ňeltmek bilen, döwletara gatnaşyklarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň