«Derýaýollarynyň» önümçilik bölümi ýene bir läbik sorujyny abatlady

21:3907.04.2020
0
912

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabatdaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminde kuwwatly läbik sorujylaryň birini düýpli abatlamak işleri tamamlandy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ýüzüji gidrotehniki serişde bolan LS ― 27 taslamaly GS ― 6 läbik sorujysy häzirki wagtda suwa goýberilmäge doly taýýar. Zawodyň hünärmenleriniň hem aýdyşlary ýaly, onuň kuwwaty sagatda 120 kub metr aralygy çuňaltmaga we gyrmançalardan arassalamaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde häzirki wagtda «Derýaýollary» önümçilik birleşigine degişli kuwwatly läbik sorujylarynyň sany üçe ýetdi. Olaryň ikisi Pelwert ― Mekan panton geçelgesiniň golaýynda we «Berzeň» kanalynda işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň