Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw maslahaty boldy

21:2007.04.2020
0
872

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde okuw maslahaty geçirildi. «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly bu okuw maslahatyny Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleri guradylar ― diýip, «Watan» gazeti habar berýär.

Birnäçe gün dowam eden bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary, geňeş agzalary, derňew toparynyň agzalary we işjeňleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny barada, «Türkmenistanyň zähmet kodeksi», kärdeşler arkalaşyklarynyň gündelik işinde ýüze çykýan sowallar hakynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda kärdeşler arkalaşygynyň işini döwrebap guramak hem kämilleşdirmek, zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk çäreleriniň geçirilişi barada çykyşlar edildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklar boýunça Geňeşleriniň ilkinji guramalarynda hasabat resminamalarynyň alnyp barlyşy, olaryň tertipnamalaýyn ýöredilişi hem-de TKA-nyň sebit birleşmelerinde we ilkinji guramalarynda alnyp barylýan derňew işleri barada maglumatlar, ýöredilýän resminamalar we agzalyk tölegleriniň ýygnalyşy barada tejribeler alşyldy.

Şeýle-de «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly okuw maslahatynyň çäginde maslahata gatnaşanlar bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzda Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Diýarymyzy ekologiýa taýdan arassa saklamak, bagy-bossanlyga öwürmek hem-de daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler dogrusynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlikler guraldy.

Bulardan başga-da, okuw maslahatyna gatnaşanlar Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşiklere, aýdym-sazly medeni-dynç alyş çärelerine gatnaşdylar, Awazanyň gözel ýerlerine gezelenç etmäge mümkinçilik aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň