Soňky habarlar

Arhiw

Goçguly Goçgulyýew «Bunýodkorda» iň köp duşuşyk geçiren legionerleriň biri

21:1107.04.2020
0
1553

Ýakynda Özbegistanyň «Bunýodkor» futbol kluby taryhyndaky legioner futbolçylaryň geçiren oýunlarynyň sany boýunça sanaw düzdi. Şu ýyl toparyň düzümine goşulan ildeşimiz Selim Nurmyradow bilen täjigistanly Dawronjon Ergaşew toparyň taryhyndaky 36-njy we 37-nji daşary ýurtly futbolçylar boldy.

Sanawyň ilkinji üçlüginde hem bir ildeşimiziň bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Has takygy, birnäçe ýyllap Özbegistanda futbol oýnan goragçy Goçguly Goçgulyýew «Bunýodkoryň» düzüminde çykyş eden ýyllarynda 76 duşuşyga çykyp, toparda iň kän duşuşyk geçiren daşary ýurtly futbolçylaryň ilkinji üçlügine girdi. Sanawa görä, ol ýaponiýaly ýarym goragçy Sato Minoriden 11, braziliýaly Riwaldodan 4 duşuşygy az geçiripdi.

37 futbolçylyk sanawda ildeşlerimiziň adyna birnäçe gezek gabat gelýäris. Has takygy, bu toparyň düzüminde 15 duşuşyga çykan Witaliý Alikperow 24-nji, topara şu ýyl goşulyp, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygynda şikes alan Selim Nurmyradow 36-njy orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň