Fergýuson Habib bilen däl-de, Getži bilen tutluşyk geçirer

19:2707.04.2020
0
10631

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan Habib Nurmagomedow–Toni Fergýuson tutluşygynyň geçirilmejekdigi ozal habar berlipdi. Has takygy, tutluşygyň bir tarapynda Habibiň ýokdugy mälim edilipdi. Ýeri we başlanjak wagty resmi ýagdaýda mälim edilmedik tutluşykda amerikaly Toni Fergýuson Habib Nurmagomedow bilen däl-de watandaşy Jastin Getži bilen duşuşyk geçirer. Duşuşyk ozalky bellenen günde, ýagny 18-nji aprelde geçiriler. 31 ýaşly Getži şu wagta çenli 23 duşuşyk geçirip, ol şolaryň 21-sinde ýeňiş gazandy.  Ýöne 10 günüň galandygyna garamazdan, duşuşygyň geçiriljek ýeri häzirlikçe belli däl. Tomaşaçysyz geçiriljek şol günki UFC duşuşyklarynyň agşamynda başga-da birnäçe tutluşyklaryň guralmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň