Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenilýär

13:2707.04.2020
0
14702

Şu gün Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi belleýär. Düýn “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky goýberilişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany türkmen sportunyň okgunly ösüşini belläp, dünýä sport hereketinde ileri tutulýan ugurlara ünsi çekdi, watandaşlarymyza berk jan saglyk we berk bedenli bolmagy arzuw etdi ― diýip, TDH-nyň teswirinde aýdylýar.

Şu ýyl Bütindünýä saglyk gününde köp sanly sport çäreleri guralar, olaryň hatarynda Watanymyzyň ähli sebitlerini öz içine alýan däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişler has ähmiýetlidir.

Aşgabatda şunuň ýaly çärä welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň 3 müň 500-si gatnaşar, tutuş ýurt boýunça bolsa watandaşlarymyzyň jemi 7 müňüsi welosipede atlanyp, özleriniň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny ýene bir gezek görkezerler.

Seýilgählerde, döwrebap şaýollarda we sport mekdeplerinde, köpugurly sport toplumlarynda we medeniýet öýlerinde, kitaphanalaryň, teatrlaryň, muzeýleriň we kärhanalaryň öňündäki meýdançalarda müňlerçe adamlar irki maşklary ýerine ýetirerler, aýdym-sazlar ýaňlanar. Saglyk ýollaryna çykylar hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça gyzykly ýaryşlar geçiriler.

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary çeper gimnastika we sport akrobatikasy boýunça görkezme çykyşlara tomaşa ederler, kiçi futbol we woleýbol ýaryşlaryna gatnaşarlar, boksçularyň, dzýudoçylaryň we erkin göreş ussatlarynyň tutluşyklaryna tomaşa ederler, küşt tagtalarynyň başyna geçip, özleriniň aň-paýhas başarnyklaryny görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň