“Real”, “Atletiko”, “Barselona” toparlaryna tälim beripdi

12:1207.04.2020
0
943

Serbiýaly meşhur tälimçi Radomir Antiç 71 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 1948-nji ýylyň 22-nji noýabrynda dünýä inen Antiç uzak wagtlap “Partizan”, 2 möwsümlik “Fenerbahçe” we “Saragosa” hem-de 4 möwsümläp “Luton Taun” klublarynyň köýnekçesini geýdi. Goragçy hökmünde çykyş eden Antiç 27 goly derwezä girizdi. 1988-nji ýylda tälimçilige başlan Antiç “Saragosa”, “Real Madrid”, “Owiedo”, 3 dürli döwürde “Atletiko Madrid” gysga wagtlyk hem bolsa “Barselona”, “Selta”, “Şandon Lunen” hem-de “Hebei Çaýna Fortune” klublaryna tälim berdi. 2008-2010-njy ýyllarda Serbiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi bolan Antiç 1996-njy ýylda “Atletiko Madride” “La Liganyň” çempionlygyny gazandyrdy. Ol Enrike Fernandes Wioladan soň, hem “Real Madrid”, hem-de “Barselona” toparlaryna tälim beren 2-nji tälimçi hökmünde taryha girmegi başardy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň