Aşgabatdaky 50, 61, 63 we 74-nji awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşmeler girizilýär

12:0407.04.2020
0
25183

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 8-nji aprelinden 50-nji «Teke bazar — Daşgala» we 63-nji «Teke bazar — Garadaşaýak» hem-de 2020-nji ýylyň 10-njy aprelinden 61-nji «Teke bazar — Büzmeýin» we 74-nji «Teke bazar — Büzmeýin» ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini ýatladýar. 

— 50-nji — «Teke bazar — Daşgala» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgarly, Azady, Görogly köçeleri bilen hereket edip, «Bagyr» ýaşaýyş toplumyna barýar we yzyna, Görogly köçesi, A.Nyýazow şaýoly, M.Kösäýew köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

— 63-nji — «Teke bazar — Garadaşaýak» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgarly, Azady köçeleri, A.Nyýazow şaýoly, Görogly köçesi bilen hereket edip, «Garadaşaýak» ýaşaýyş toplumyna barýar we yzyna, Görogly köçesi, A.Nyýazow şaýoly, M.Kösäýew köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

— 61-nji — «Teke bazar — Büzmeýin» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgarly, Azady, Görogly köçeleri bilen hereket edip, «Büzmeýin» ýaşaýyş toplumyna barýar we yzyna, Görogly köçesi, A.Nyýazow şaýoly, M.Kösäýew köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

— 74-nji — «Teke bazar — Büzmeýin» ugur boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgarly, Azady köçeleri, A.Nyýazow şaýoly, Görogly köçesi bilen hereket edip, «Akdaşaýak» ýaşaýyş toplumyna barýar we yzyna, Görogly köçesi, A.Nyýazow şaýoly, M.Kösäýew köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 28-60-30, 28-60-80.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň