Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda täze görnüşdäki gepleşikler geçirildi

03:3907.04.2020
0
9380

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirildi. Bu maslahat Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy ― diýip, TDH ýazýar.

Taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Ak Bars» gämigurluşyk korporasiýasynyň «A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk zawod» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda uzak möhletleýin esasda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Wideokonferensiýa şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hem-de «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar we bar bolan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi «Kazanskiý wertolýotnyý zawodda» (RF, Tatarystan Respublikasy) öndürilen, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «ANSAT» WE «Mi-17-1W» dikuçarlary satyn alar.

Köpugurly dikuçarlar uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň, şeýle hem şäherleriň töwereklerindäki ilata tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenendir. Degişli şertnamada olara ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek, şeýle hem hünärmenleri okatmak göz öňünde tutulandyr. Wideokonferensiýanyň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Tatarystanyň «KER-Holding» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýene bir wideokonferensiýa geçirdiler. Onda Türkmenabadyň himiýa zawodynda toplumlaýyn dökün önümçiligi boýunça enjamy gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak hem-de degişli şertnamany taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere esasy üns berildi.

Bu kompaniýa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kuwwaty ýylda 170 müň tonna dökün öndürmäge deň bolan ýokarda agzalan enjamyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça yglan eden halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hem-de «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kompaniýanyň wekilleri Türkmenistanyň bazarynyň «KAMAZ» üçin örän möhüm bolup durýandygyny belläp, geljekde hem öz hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň, şol sanda hyzmat merkezlerini gurmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnikalaryna hyzmat etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine has jogapkärli çemeleşjekdiklerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň