Arhiw

Türkmenistanda öndürilýän kompýuterlere goňşy döwletlerden hem isleg ýokary

20:1506.04.2020
0
2249

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Içeri işler ministrliginiň institutyna «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» kär­ha­na­sy­nyň önü­mi bo­lan 300 sa­ny hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter­le­ri sow­gat berdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şary yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistrli­gi­niň Komp­ýu­ter til­si­ma­ty mer­ke­zi hem-de Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň «Hengs­hen Lin­hua Invest­ment Ma­nage­ment Co. Ltd.», «Tong­fang Hong­kong Li­mi­ted» öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bi­le­lik­de dö­re­di­len «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» kär­ha­na­sy 2018-nji ýy­lyň güý­zün­den bä­ri ýur­du­myz­da üs­tün­likli iş alyp bar­ýar. Kär­ha­na­nyň öz işi­ne us­sat hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ge­çen ýyl Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­riniň bi­rin­ji syn­py­na bar­ýan okuw­çy­lara ni­ýet­le­ni­len 80 000 sa­ny öw­re­di­ji komp­ýu­ter­ler ön­dü­ril­di. Bu öwr­edi­ji komp­ýu­ter­ler döw­rüň äh­li ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da taý­ýar­la­nyp, ola­ryň program­ma üp­jün­çi­li­gi üç dil­de türk­men, rus, iň­lis dil­le­rin­de ama­la aşy­ry­lan­dyr. Bi­rin­ji syn­pyň okuw­çy­la­ry­na ni­ýet­le­nilen bu komp­ýu­ter­ler ar­ka­ly 198 ama­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek müm­kin. Be­gen­di­ri­ji ta­ra­py bol­sa, bu ýer­de di­ňe bir ki­çi ýaşly ra­ýat­la­ry­my­za däl, uly ýaş­ly adamlar üçin hem komp­ýu­ter­ler ön­dü­ri­lip baş­lan­dy ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti habar berýär.

Kär­ha­na­da per­so­nal kompýu­ter­le­riň önüm­çi­li­gi ge­çen ýyl­da ýola go­ý­lup, «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» ta­rapyn­dan şeý­le komp­ýu­ter­le­riň il­kin­ji tap­gyr­da 3000 sa­ny­sy­ny ön­dür­mek me­ýil­leş­di­ri­len. Gel­jek­de kär­ha­na­nyň per­so­nal komp­ýu­ter­le­ri ön­dür­mekdä­ki kuw­wat­ly­ly­gy­ny 500 000-e çen­li art­dyr­mak gö­z ö­ňün­de tu­tul­ýar.

Äh­li önüm­le­ri dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» kär­ha­nasy­nyň ön­dür­ýän komp­ýu­ter­le­ri Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň iň öň­de­ba­ryjy «Tsing­hua Univer­si­ty» teh­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan ser­ti­fi­kat­laş­dyry­lan­dyr. Elekt­ron gur­luş­lar b­oýun­ça dün­ýä bel­li «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gin­de-de dün­ýäniň ýe­ne bir öň­de­ba­ry­jy «Mic­ro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýän kär­ha­na­nyň önüm­le­ri­ne diňe ýur­du­my­zyň çä­gin­de is­leg ýo­ka­ry bol­man, ola­ra Ga­za­gys­tan, Öz­be­gistan, Tä­ji­gis­tan we Ow­ga­nys­tan ýa­ly se­bi­tiň beý­le­ki döw­let­le­ri ta­ra­pyn­dan hem gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de Türk­me­nis­tan­da kompýu­ter önüm­çi­li­gi­niň bar­ha ro­waç­lanýan­ly­gy­na bo­lan buý­san­jy­ňy art­dyr­ýar.

Mun­dan baş­ga-da, kär­ha­na­nyň ýa­kyn wagt­lar­da mo­nob­lok­la­ryň, plan­şetle­riň we no­ut­buk­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ga ni­ýet­le­ni­len ýö­ri­te maksat­na­ma­la­ry bar. Şeý­le-de «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» kär­ha­na­sy­nyň ag­zy­bir hünär­men­le­ri ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tanyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gatna­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li söw­da no­kat­la­ry­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek, ola­ry kär­ha­na­da ön­dü­ri­len elekt­ron te­re­zi­ler we kas­sa kompýu­ter en­jamla­ry bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça-da degiş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň