Soňky habarlar

Arhiw

“Xiaomi” 10 ýaşady

17:2606.04.2020
0
738

Arzan bahaly mobil enjamlaryny öndürmegi bilen tanalýan hem bolsa, elektron enjamlarynyň ýüzlerçe görnüşini müşderilerine ýetirýän “Xiaomi” kompaniýasynyň döredilenine 10 ýyl boldy. Hytaý brendi gysga wagtda iri önüm öndürijileriň hataryna goşuldy. Kompaniýanyň çalt ösmeginiň sebäbi satýan harytlaryndan görýän peýdasynyň az bolmagy. “Xiaomi”-niň satýan harydyndan alýan peýdasy 5 göterimden geçmeýär. 2015-nji ýylda kompaniýa bir günüň dowamynda 2 milliondan gowrak enjam satyp Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Kompaniýanyň adynyň aýdylmagy kyndygy sebäpli Hytaýdan başga ýurtlarda brend hökmünde “Mi” adyny ulanýar. Kompaniýa adatça, mahabat üçin pul harçlamaýar. Munuň ýerine harytlaryny arzan hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň