Telefon satuwy azaldy

14:4506.04.2020
0
1014

Maglumatlara görä, telefon satuwy rekord derejede azaldy. Bilermenler öňümizdäki ýyldan başlap, mobil enjam bazarynyň gaýtadan ösüp başlajakdygyny belleýärler. Satuwyň pese gaçmagynda bazaryň doýgunlyga ýetmegi hem-de koronawirusyň  täsirini bardygy bellenilýär. “CCS Insight”  şereketiniň taýýarlan maglumatlaryna görä, telefon bazary ýylyň ilkinji çärýeginde 13 göterim azalypdyr. Global bazarda ýylyň dowamynda jemi 1,57 milliard telefon satylmagyna garaşylýar. Şereketiň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylda telefon satuwy 12 göterim artar. 2022-nji ýylda bu görkezijiniň 13 göterim boljakdygy çaklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň