Arhiw

«Türkmengidrometeorologiýa» täze ozonometrik enjamlary satyn alyndy

12:1706.04.2020
0
11069

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň Bekrewedäki, Repetdäki we Türkmenbaşy şäherindäki howa stansiýalarynda «Microtops II» atly döwrebap ozonometrik enjamlarynyň altysy işläp başlady.

Gullugyň Repetdäki stansiýasynda ozon gatlagyna 1983-nji ýyldan bäri gözegçilik edilýär.  

Şeýle gözlegler Günüň beýikligine bagly bolup, her gün 5-6 sagat iş alnyp barylýar. Şeýlelikde, aýlyk ortaça maglumatlar Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň (WMO) utgaşdyrylan halkara maglumat alyş-çalyş ulgamyna iberilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň