Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda saz bäsleşigi geçirildi

22:4705.04.2020
0
1124

«Bitaraplygyň waspy dillerde dessan» at bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini 2019 — 2020-nji okuw ýylynda tamamlajak uçurymlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 
Deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan ýaş zehinler milli, halk, üflenip hem-de kakylyp çalynýan, ýörite fortepiano, kirişli saz gurallary bölümlerinde öwredilýän on bir saz guraly boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 
Ýurdumyzyň çagalar we sungat mekdepleriniň halypa mugallymlary tarapyndan düzülen eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Batyr Joraýew, Nurulla Hamraýew, Ahmet Atamyradow, 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Selbiniýaz Rahmedowa, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Oraz Allanazarow, Şöhrat Bäşimow, Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Nowruz Parahadow, Murgap etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Begenç Sapardurdyýew, Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Mergen Myradow, Aşgabat şäherinden 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Ilýa Lurýew, 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Daniel Ismailow, 4-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Maksim Gurbanow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinden 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Alişer Dosçanow, 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Seýran Saryýew ýaly öz çalan sazlaryny çaga kalby bilen diňleýjä ýetirmekde tapawutlanan ýaş sazandalar birinji orna mynasyp bolmagy başardylar. 
Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijiler sylaglanandan soň, ýaş zehinleriň döredijilik konserti geçirildi. Onda milli hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň dürli ýyllarda döreden eserleri belentden ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň