Maryly Ýazjemal Jumaýewa 100 ýaşy arka atdy

22:2905.04.2020
0
1396

Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginiň ýaşaýjysy Ýazjemal Jumaýewa şu ýyl 100 ýaşyny doldurdy ― diýip, «Maru-Şahu Jahan» gazeti habar berýär.
Maşgalasynda ýanýoldaşy bilen dört ogly, üç gyzy kemala getiren mährem ene, ojagynyň ýüregi, sütüni saýylýar.
— Dört ýyla golaý çeken Beýik Watançylyk urşy biziň ýüregimizde öçmejek yz goýdy. Ol söweşe ýanýoldaşym Jumamyrat Sylapow hem gidipdi. Biz bolsa tylda galan gelin-gyzlar bolup gündizlerine gazy gazyp, ekerançylyk, maldarçylyk işleri bilen meşgul bolýardyk. Guýma gursak zehinli gelin-gyzlarymyz bilen gijelerine, el işleri bilen meşgul bolýardyk. Açlygam, horlugam görendiris. Emma şonda-da, biz elmydama esgerlerimiziň Ýeňiş bilen dolanyp gelerine uly ynam-umyt bilen garaşýardyk. Umyt-arzuwlarymyz wysal tapyp, aýylganç uruş gutaryp, esgerlerimiz we ýanýoldaşym Jumamyrat Ýeňiş bilen dolanyp geldi ler. — diýip, ene geçen günleri barada gürrüň berýär. 
Mährem enäniň maşgala daragty kök ýaýyp, şaha ýaýradyp, perzentleriniň hersi bir ojagyň eýesi bolup otyr. Ýazjemal daýza 50 agtygyna, 87 çowlugyna, 13 ýuwlugyna, bagtyýarlyk zamanamyza guwanýar, buýsanýar ― diýip, neşir ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň