Soňky habarlar

Arhiw

Marsda uçuryljak dikuçar taýýarlandy

16:0905.04.2020
0
1003

Kosmosy ýakyndan öwrenmegiň çäklerinde häzire çenli Mars planetasynda dürli açyşlar edildi, hereket edýän robotlar iberildi. Indi bolsa Gyzyl planeta kiçijik dikuçar arkaly öwreniler. NASA bu asman jisiminde uçuryljak ilkinji enjamy taýýar etdi. Indiki ýylyň fewralynda “Perseverance” atly marsohod  bilen bir hatarda bir sany dron Marsa iberiler. Uçýan enjam Ýerdäki soňky synagyndan üstünlikli geçdi. Agramy 1,8 kilograma barabar bolan  dronyň perleri minutda 3 000 gezek aýlaw edýär. Bu görkeziji özi bilen deňeçer dronlardan on essä golaý köpdür. Mundan soňra astronomlar bu enjamlaryň Marsda gonduryljak ýerini kesgitlär. Başga bir asman jisimine iberiljek enjam adatça Gün şöhlesi bilen işleýändigi sebäpli has ýagty ýere gondurylmaly bolýar. Marsa iberiljek dikuçar 30 günüň dowamynda jemi 5 gezek uçar. Dron ilkinji gezek 3 metre çenli uçup, 30 sekunt howada galar. Soňra bolsa, has uzakda nämäniň bardygyny görmek üçin beýigräk uçar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň