Türkmenistanyň DHÇMB-de 25,3 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

20:1704.04.2020
0
5772

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we Şotlandiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler toparlarynyň wekilleri bolsa karbamidi (“Türkmensenagat eksport - import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen) satyn aldylar.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 325 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million 166 müň manatlykdan gowrak polietilen we polipropileni (“Türkmengaz” DK), polipropilen (TNGIZT) önümlerini, halylary, pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň