Hökümet mejlisi: Türkmenistanyň Prezidenti Lebabyň häkimine Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy

18:5904.04.2020
0
988

3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewe birnäçe tabşyryklary berip, Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Bu barada TDH habar berýär.

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän baýramçylyk şu ýyl Halkara Ahalteke assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllyk şanly senesi bilen utgaşýar. Assosiasiýanyň şu ýylky mejlisini Lebap atçylyk-sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Mart aýynda sebitde iş saparynda bolan döwlet Baştutany bu ýerde alnyp barylýan düýpli abatlaýyş işleri bilen tanyşdy we birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýeri gelende aýtsak, 2011-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen toplumda abatlaýyş işlerini «Myradym» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň