Arhiw

Hökümet mejlisi: daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň raýatlaryna ilçihanalar tarapyndan degişli kömek berilmeli

18:3904.04.2020
0
2702

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan yzygiderli habarly bolmagyň möhümdigini, şundan ugur alyp, Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri geçirmek barada teklipleri bermegi tabşyrdy — diýip, TDH habar berýär.

Milletiň Lideri sözüni dowam edip, haýsydyr bir sebäplere görä, beýleki ýurtlarda galan raýatlarymyzyň ýüztutmalaryna ünsli sereder ýaly we olara zerur bolan kömegi berer ýaly daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyza tabşyryk bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Geçen günlerde çarter uçuşlary bilen daşary ýurtlardaky raýatlarymyzyň bir topary ýurda getirildi we olar karantin gözegçiliginden geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary tarapyndan häzir hem şol döwletlerde galan raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça işler alnyp barylýar. Bu işlere «Turkmenportalyň» sahypalarynda hem giň orun berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň