Hökümet mejlisi: ilkinji üç aýda Türkmenistanda sport ýaryşlarynyň 27-si geçirildi

18:0904.04.2020
0
814

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistanda içerki sport ýaryşlarynyň 27-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 19-sy geçirildi. Bu barada wise-premýer Pürli Agamyradow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.

Dünýä ýüzünde koronowirus pandemiýasynyň ýaýramagy Türkmenistanyň sport jemgyýetçiligine hem täsirini ýetirdi. Türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçiriljek halkara sport ýaryşlary ýatyryldy ýa-da soňa süýşürildi. Ýurtda ilatyň, şol sanda türgenleriň saglygyny goramak üçin içerki ýaryşlara hem käbir çäklendirmeler girizildi. Mysal üçin Türkmenistanyň futbol we futzal boýunça içerki ýaryşlaryna näbelli wagt aralygynda arakesme berlendigini ýatladýarys.

Muňa garamazdan, ýurtda ilatyň saglygyny goramakda sportuň kömegine has köp daýanylýar. Agzalan mejlisde döwlet Baştutany 7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň