Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: 45 okuw kitaby, sanly ulgama geçmek — Türkmenistanyň bilim ulgamy ösüşde

18:0104.04.2020
0
1281

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Wise-premýer geçirilen işler barada hasabat berip, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň açylmagynyň möhüm wakalaryň biri bolandygyny belledi. Bu merkez döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň ýanwarynda döredildi.

Hasabat döwürde mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders hem-de taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýylyň başyndan bäri geçen üç aýda okuw kitaplarynyň 45 görnüşi neşir edildi.

Bilim ulgamynda iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler ýerine ýetirildi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy.

Hasabat döwründe halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň esasy ylmy merkezleri bilen gatnaşyklar amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň