Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Türkmenistanda ýokanç keselleri ýaýradyp biljek zyýankeşlere garşy gorag çäreleri güýçlendiriler

17:2004.04.2020
0
8736

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça wise-premýer E.Orazgeldiýewiň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy.

Ýokanç keselleriň ýaýramak mümkinçiliginiň öňüni almak maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi beýleki degişli gulluklar bilen bilelikde ýokanç keselleri ýaýradyjylar bolup biljek çöl haýwanlaryna, zyýankeşlere we mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça gorag çärelerini geçirmegi üpjün etmeli diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň