Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Türkmenistanda döwlet desgalaryny hususy eýeçilige bermek işi dowam edýär

17:1704.04.2020
0
677

Wise-premýer G.Müşşikow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň teklipleriniň öwrenilmeginiň netijeleri barada hasabat bermek bilen, olara degişli desgalaryň birnäçesini hususy eýeçilige bermegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişilidir. Çünki ulanylman ýatan ýa-da netijeliligi pes önümçilik desgalaryny hususyýetçileriň ygtyýaryna bermek bilen olaryň sazlaşykly işlemegi we milli ykdysadyýetimize peýda getirmegi gazanylýar. Bu işler ýurtda eýýäm öz täsirini hem görkezýär.

Türkmenistanyň degişli edaralary tarapyndan hökümet desgalaryny hususyýetçilige tabşyrmak bilen bagly auksionlar ýygy-ýygydan geçirilýär. Şolaryň netijesinde eýýäm köp sanly desgalar TSTB-niň agzalary tarapyndan satyn alnyp, olarda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilik ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň