Hökümet mejlisi: 259 binanyň 14-sinde gurluşyk işleri tamamlandy

17:0904.04.2020
0
559

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri gurmak we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan desgalaryň 259-synyň 14-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 139-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar hem-de beýleki desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow habar berdi.

Milletiň Liderine fewral aýynda hem hasabat berlişi ýaly, şu ýyl Türkmenistanda 84 binanyň açylyş dabarasy bolar. Olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna aýratyn öwüşgin berer.

Ýokarda agzalan maksatnamanyň çägindäki binalar ýurduň ähli sebitlerine deň derejede ýaýrandyr. Olaryň arasynda ýaşaýyş jaýlary hem, durmuş maksatly we önümçilik binalary hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň