Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Türkmenistanda jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlary dörediler

16:4604.04.2020
0
10461

3-nji aprelde ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow döwlet Baştutanyna ýurdumyz boýunça jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlaryny döretmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnamalar barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmeginiň jemgyýetçilik durnuklylygyň möhüm şertidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň has gür ilatly etraplarynda jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlaryny guramagy tabşyrdy. Olar jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik ederler.

Jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlarynda polisiýanyň ýerli wekilleri, Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik tertibini we ýol gözegçiligini üpjün etmek baradaky gullugynyň wekilleri gije-gündizleýin nobatçylygy amala aşyrmalydyrlar.

Bu düzümleriň esasy maksady jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmakdan, şahsy we emläk howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmakdan, zerur bolanda ilkinji lukmançylyk kömegini bermekden, terbiýeçilik işlerini geçirmekden we beýlekilerden ybarat bolmalydyr. Bu nokatlara niýetlenen binalaryň binagärligi babatda käbir tabşyryklar berildi. Milletiň Lideri şeýle hem bu düzümleri döwrebap aragatnaşyk serişdeleri hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi olaryň üstüne ýüklenen wezipeleri dessine we zerur derejede çözmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň