Soňky habarlar

Arhiw

AFK şu ýyldaky futzal boýunça yklym ýaryşlarynyň täze senelerini resmi taýdan tassyklady

15:3404.04.2020
0
6356

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň futzal we kenarýaka futboly boýunça komiteti Aziýanyň futzal çempionatynyň we klublaýyn çempionatynyň täze senelerini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň futbol birleşigi habar berýär.

Şeýlelikde:

Futzal boýunça milli ýygyndylaryň arasyndaky Aziýa çempionaty 5 — 16-njy awgust aralygynda Türkmenistanda;

Klublaýyn Aziýa çempionaty 2 — 13-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler.

Aşgabatdaky ylym çempionatynyň 26-njy fewral — 8-nji mart aralygynda meýilleşdirilip, Ýer ýüzündäki saglyk bilen bagly bagly çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli çempionatyň yza süýşürilendigini habar beripdik. Yklym ýaryşynda iň gowy bäş orny eýelän ýygyndy şu ýyl Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň