Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Türkmenistanyň Prezidenti koronowirusyň ýurda aralaşmagyna garşy göreş çärelerini gije-gündiziň dowamynda geçirmegi tabşyrdy

15:1904.04.2020
0
71317

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde degişli wise-premýere hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine ýüzlenip, hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde, Hytaýda koronawirusyň ýaýrandygy barada ýurdumyza habar gelip gowşan dessine, bu ýokanjyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini belledi. Sebäbi gyzgynlyk ölçeýji enjamlaryň ulanylmagy bilen, döwlet serhedinde arassaçylyk-karantin gözegçiligi güýçlendirildi.

Hytaý bilen, soňra bolsa bu ugurda amatsyz ýagdaý ýüze çykan beýleki ýurtlar bilen howa gatnawy çäklendirildi. Daşary ýurtlardan talyplarymyz we raýatlarymyz getirildi.

Beýleki döwletlerden ýurdumyza dolanyp gelen we olar bilen gatnaşykda bolan adamlara lukmançylyk taýdan gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem ähli daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini wagtlaýyn duruzmak barada karar kabul edildi.

Döwlet Baştutany mundan beýläk hem daşary ýurtlardaky epidemiki ýagdaýy nazara alyp, zerur bolanda, şeýle çäklendiriş çärelerine düzediş girizmek barada görkezme berdi. Kabul edilýän ähli çözgütler diňe ilatymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu işiň gije-gündiziň dowamynda alnyp barylmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň