“Honda” we GM bilelikde ulag öndürer

15:0504.04.2020
0
517

Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar ýokary tehnologiýa talap edýändigi sebäpli, kompaniýalar bu ugurda has köp hyzmatdaşlyk edýär. “Honda” we “General Motors” hem iki sany täze elektrokar modelini bilelikde işläp taýýarlaýar. Täze ulaglaryň içki we daşky dizaýnlaryny taýýarlamagy ýapon kompaniýa öz üstüne aldy. Ulaglaryň önümçiligi bolsa “General Motors”-yň ABŞ-daky zawodynda amala aşyrylar. “Honda” brendi bilen öndüriljek ulaglar 2024-nji ýyldan başlap, Demirgazyk bazaryna hödürlener. Ulagda GM-niň “eller erkin” (hands free) atly ösen awtomatlaşdyrylan sürüş ulgamy hem ornaşdyrylar. Honda 2018-nji ýylda GM-niň elektrokar batareýalaryny işläp düzmegine ýardam edipdi. Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy geljekki 5 ýylyň dowamynda elektrokar modelleriniň birnäçesini çykarmagy maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň