Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümleriniň ýeterlik goruny döretmegi tabşyrdy

14:4004.04.2020
0
10204

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki döwürde söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmalydygyny, zerur bolanda durmuşda has gerek önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmelidigini nygtady — diýip, TDH habar berýär.

Şeýle hem milletiň Lideri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz gysga wagtyň içinde kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermegiň çärelerini işläp taýýarlamagy hem-de hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany bu çäreleriň, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly gündelik iş ýerleriniň saklanyp galynmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň