Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow koronawirusyň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak üçin wezipeleri kesgitledi

14:0304.04.2020
0
1162

3-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde häzirki döwürde dünýäde örän çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýändigini belledi. Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä,  dürli derejeli agentlikleriň halkara bilermenleri şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy derejede pese düşmegini çaklaýarlar. Koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine zyýanly täsir edýändigini belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri goşmaça çäreleri görmegi hem-de işläp gelýän önümçilikleri we iş orunlaryny saklamagy tabşyrdy. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi içerki önümçiligi ýokary depginli ösdürmek we senagat taýdan öz-özüňi üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmak, importy azaldyp, eksporty artdyrmak esasynda üpjün edilmelidir. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek iň möhüm ugurlaryň biri bolmalydyr.

Şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde we ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlendi. Bu wezipeler bizden ýokary depginler bilen köp işleri amala aşyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin biz yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berilmelidir. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikler doly peýdalanylmalydyr. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi biziň yhlasly zähmetimize bagly bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany  wise-premýer P.Agamyradowa hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine ýüzlenip, hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde, Hytaýda koronawirusyň ýaýrandygy barada ýurdumyza habar gelip gowşan dessine, bu ýokanjyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini belledi. Sebäbi gyzgynlyk ölçeýji enjamlaryň ulanylmagy bilen, döwlet serhedinde arassaçylyk-karantin gözegçiligi güýçlendirildi.

Hytaý bilen, soňra bolsa bu ugurda amatsyz ýagdaý ýüze çykan beýleki ýurtlar bilen howa gatnawy çäklendirildi. Daşary ýurtlardan talyplarymyz we raýatlarymyz getirildi. Beýleki döwletlerden ýurdumyza dolanyp gelen we olar bilen gatnaşykda bolan adamlara lukmançylyk taýdan gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem ähli daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini wagtlaýyn duruzmak barada karar kabul edildi.

Döwlet Baştutany mundan beýläk hem daşary ýurtlardaky epidemiki ýagdaýy nazara alyp, zerur bolanda, şeýle çäklendiriş çärelerine düzediş girizmek barada görkezme berdi. Kabul edilýän ähli çözgütler diňe ilatymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu işiň gije-gündiziň dowamynda alnyp barylmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň