Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Berdimuhamedow dünýäde uglewodorod serişdelerinden girdeji almagyň goşmaça ýollaryny gözlemegi tabşyrdy

12:0704.04.2020
0
7113

3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça nebitgaz toplumynda esasy görkezijileriň ýerine ýetirilendigine garamazdan, olaryň käbiriniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgininiň peselendigini aýtdy — diýip, TDH habar berýär.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutany toplumyň öňünde goýlan möhüm meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek we konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin gaýra goýman, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Bu toplumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly daşary ýurt maýa goýujy ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir.

«Türkmengaz» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň we gazhimiýa önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça täze bazarlary öwrenmegi, önümleri ýerlemekden ýurdumyza gelip gowuşýan gyzyl puldaky serişdeleriň meýilnama laýyklykda alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany täze gurulmagy meýilleşdirilýän gazhimiýa toplumlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini esaslandyrmak üçin ýörite barlaglary geçirip, teklipleri bermegiň möhümdigini nygtady.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça nebitiň, kondensatyň we dag magdanlarynyň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin meýilnamalarda göz öňünde tutulan işleri doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Milletiň Lideri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny düýpli öwrenmegiň, marketing barlaglaryny geçirip, bazarlarda isleg bildirilýän önümleriň sanawyny kesgitlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümleriniň bahasy pese düşen häzirki döwürde bu önümleri ýerlemegiň amatly bazarlaryny gözlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň