Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

10:5704.04.2020
0
1542

3-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.

    Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ministrleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar.
    Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaýyn tabşyryklary ýerine ýetirmegiň seljerilmeginiň jemlerine laýyklykda, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 5,3 göterim ýokarlandy.
    Üç aýyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,8 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 6,1 göterime deň boldy.
    Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,1 göterim köpeldi.
    Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri gurmak we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan desgalaryň 259-synyň 14-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 139-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar hem-de beýleki desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.
    Wise-premýer Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň teklipleriniň öwrenilmeginiň netijeleri barada hasabat bermek bilen, olara degişli desgalaryň birnäçesini hususy eýeçilige bermegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.
    Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-nji ýylyň üç aýynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hususan-da, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň öndürilişiniň mukdarynyň artdyrylmagy üpjün edildi.
    Hasabat döwründe, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda ýokary netijeler gazanyldy. Umuman, önüm öndürilişiniň düzüminde 64,7 göterim hususy işewürligiň paýyna düşýär.
    Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedow şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça hasabat berdi.
    Şu ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä, ýurdumyzyň döwlet býujetiniň girdeji bölegi 104,8 göterime deň bolup, çykdajy bölegi 90,3 göterim derejede ýerine ýetirildi.
    2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi 12,1 göterime barabar boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.
    Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen işleri ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berildi.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, G.Müşşikowa ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny her gün seljerip durmagy, şeýle hem emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, gysga wagtyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýyl garaşylýan netijeleriniň düýpli seljermesini geçirmegi tabşyrdy.
    Şonuň bilen birlikde, Döwlet býujetine we býujet çykdajylaryna gaýtadan seretmek boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek barada görkezme berildi.
    Milli Liderimiz koronawirus ýokanjy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzda telekeçilik işine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin anyk çäreleri görmek möhümdir.
    Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta kärhanalara karz bermek maksatnamasyny giňeltmek barada görkezme berildi. Salgytlary tölemegiň möhletleri gaýra goýulmaga we karz boýunça bergileri tölemek babatda ýeňillikler berilmäge degişli kärhanalaryň sanawyny kesgitlemeli.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň zerurdygyny aýdyp, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny köp çekip, bu meseleleriň üstünde tutanýerli işlemegi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Bellenilişi ýaly, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 109,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,9 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 104,8 göterim ýerine ýetirildi.
    Suwuklandyrylan gazyň ösüş depgini 110,3 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 104,4 göterime, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini 102,1 göterime deň boldy.
    Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda şertleriň döredilmegi barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça nebitgaz toplumynda esasy görkezijileriň ýerine ýetirilendigine garamazdan, olaryň käbiriniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgininiň peselendigini aýtdy.
    Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz toplumyň öňünde goýlan möhüm meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek we konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin gaýra goýman, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Bu toplumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly daşary ýurt maýa goýujy ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir.
    «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň we gazhimiýa önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça täze bazarlary öwrenmegi, önümleri ýerlemekden ýurdumyza gelip gowuşýan gyzyl puldaky serişdeleriň meýilnama laýyklykda alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
    Döwlet Baştutanymyz täze gurulmagy meýilleşdirilýän gazhimiýa toplumlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini esaslandyrmak üçin ýörite barlaglary geçirip, teklipleri bermegiň möhümdigini nygtady.
    «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça nebitiň, kondensatyň we dag magdanlarynyň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin meýilnamalarda göz öňünde tutulan işleri doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
    Milli Liderimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny düýpli öwrenmegiň, marketing barlaglaryny geçirip, bazarlarda isleg bildirilýän önümleriň sanawyny kesgitlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümleriniň bahasy pese düşen häzirki döwürde bu önümleri ýerlemegiň amatly bazarlaryny gözlemegiň zerurdygyny aýtdy.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýanwar — mart aýlarynda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
    Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, garalýan döwürde onuň gözegçilik edýän toplumynyň düzümleri tarapyndan önümçilik meýilnamasy 111,5 göterim ýerine ýetirilip, 109,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.
    «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,7 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 117 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 161,3 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,4 göterime barabar ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hem degişli işler geçirildi.
    Awtomobil, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary boýunça ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda meýilnama, degişlilikde, 108,5 göterim hem-de 100,8 göterim berjaý edildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bütin dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş zerarly girizilen çäklendirmeleriň netijesinde häzirki wagtda howa ulaglarynyň has düýpli kynçylygy başdan geçirýändigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän agentlikleriniň maliýe mümkinçiliklerine jikme-jik seretmegi tabşyrdy.
    Howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagy mümkin. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, agentlikleriň salgytlary ýa bolmasa alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak ýa-da olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmek barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynyň, şeýle hem telekeçilik ulgamynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
    Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň mukdary geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdireniňde, 18,4 göterime deň boldy. Şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň mukdary 18,7 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň mukdary 18,3 göterim artdy.
    Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümiň mukdary 5,8 göterim artdy.
    «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önümçiligiň umumy mukdary 21,3 göterim köpeldi.
    Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça geçen üç aýyň dowamynda birža söwdalarynyň 62-si geçirilip, şertnamalaryň 7 müň 224-si hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hyzmat işleri 2,2 esse artyp, girdeji 45,5 göterim ýokarlandy.
    Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — mart aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişi 9,6 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 66,3 göterim artdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki döwürde söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmalydygyny, zerur bolanda durmuşda has gerek önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmelidigini nygtady.
    Şeýle hem milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz gysga wagtyň içinde kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermegiň çärelerini işläp taýýarlamagy hem-de hödürlemegi tabşyrdy.
    Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly gündelik iş ýerleriniň saklanyp galynmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmelidigini belledi.
    Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 117,4 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 121,6 göterime deň boldy.
    Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,2 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 106 göterime barabar boldy.
    Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 104,4 göterime deň boldy.
    Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 132,7 göterim ýerine ýetirilip, 128 göterim ösüş depgini gazanyldy.
    Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 117,3 göterim, elektrik energiýasynyň eksportynyň meýilnamasy 283,9 göterim ýerine ýetirildi.
    Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 120 göterime deň boldy, meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki häzirki iki sany ýaramaz ýagdaýyň täsir edýändiginden ugur alsaň, ýagny koronawirus ýokanjyna we gazna bazaryndaky düýpli meselelere, şeýle hem nebitiň we gazyň dünýä bazaryndaky ýagdaýyna garamazdan, bu pudagyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işleriniň kanagatlandyrmaýandygyny aýtdy.
    Köp zawodlarda mineral dökünleriň önümçiliginiň pese düşmegi zerur gorlary döretmäge mümkinçilik bermeýär. Ykdysady taýdan çekilen ýitgileriň öwezini dolmaga we makroykdysady durnuklylygy üpjün etmäge şert döretmeýär.
    Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
    Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygymyzyň ýubileý ýylynda örän köp sanly dürli desgalary ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Ýöne, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, wise-premýer Ş.Durdylyýewe gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmek we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almak tabşyryldy. Milli Liderimiz gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek barada wise-premýere tabşyryk berdi.
    Dünýäde emele gelen kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere köpräk maýa goýumlaryny tapyp, gurluşyk we senagat pudaklaryna çekmek tabşyryldy.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Wise-premýer geçirilen işler barada hasabat berip, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň açylmagynyň möhüm wakalaryň biri bolandygyny belledi. Bu merkez döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň ýanwarynda döredildi.
    Hasabat döwürde mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders hem-de taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýylyň başyndan bäri geçen üç aýda okuw kitaplarynyň 45 görnüşi neşir edildi.
    Bilim ulgamynda iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler ýerine ýetirildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy.
    Hasabat döwründe halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň esasy ylmy merkezleri bilen gatnaşyklar amala aşyryldy.
    Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» tassyklanylandygyny habar berdi.
    Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleri bilen degişli işler alnyp baryldy.
    Wise-premýer sport baradaky meselelere geçip, hasabat berilýän döwürde ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 27-siniň hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 19-synyň geçirilendigini habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine ýüzlenip, hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde, Hytaýda koronawirusyň ýaýrandygy barada ýurdumyza habar gelip gowşan dessine, bu ýokanjyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini belledi. Sebäbi gyzgynlyk ölçeýji enjamlaryň ulanylmagy bilen, döwlet serhedinde arassaçylyk-karantin gözegçiligi güýçlendirildi.
    Hytaý bilen, soňra bolsa bu ugurda amatsyz ýagdaý ýüze çykan beýleki ýurtlar bilen howa gatnawy çäklendirildi. Daşary ýurtlardan talyplarymyz we raýatlarymyz getirildi.
    Beýleki döwletlerden ýurdumyza dolanyp gelen we olar bilen gatnaşykda bolan adamlara lukmançylyk taýdan gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem ähli daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini wagtlaýyn duruzmak barada karar kabul edildi.
    Döwlet Baştutanymyz mundan beýläk hem daşary ýurtlardaky epidemiki ýagdaýy nazara alyp, zerur bolanda, şeýle çäklendiriş çärelerine düzediş girizmek barada görkezme berdi. Kabul edilýän ähli çözgütler diňe ilatymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu işiň gije-gündiziň dowamynda alnyp barylmalydygyny belledi.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň başyndan bäri dürli medeni çäreler, şol sanda sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, baýramçylyklara hem-de şanly senelere bagyşlanan aýdym-sazly dabaralar geçirildi, «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
    Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 86 görnüşi çap edildi. Dürli ulgamlarda gazanylýan uly üstünlikleri, özgerişleri metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda beýan etmek işleri alnyp baryldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer B.Abdyýewa, metbugat we teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylaryna teleradiogepleşikleri we makalalary taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
    Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak meselesine uly üns berilmelidigini aýdyp, şu maksat bilen, teleýaýlymlaryň birini, meselem, «Ýaşlyk» teleýaýlymyny mekdep hem-de institut bilim maksatnamasynyň sapaklaryny, ykdysadyýetde we beýleki ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmagy öwretmek hem-de kompýuter sowatlylygyny öwretmek boýunça sapaklary görkezmek üçin peýdalanyp boljakdygyny belledi.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilat üçin arassaçylyk meseleleri we ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça biziň görýän çärelerimiz barada giň düşündiriş işlerini geçirmek hem zerur bolup durýar.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
    Degişli döwürde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, şol sanda halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işler geçirildi.
    Şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary boldy. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
    Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni- ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.
    Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan yzygiderli habarly bolmagyň möhümdigini, şundan ugur alyp, Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri geçirmek barada teklipleri bermegi tabşyrdy.
    Milli Liderimiz sözüni dowam edip, haýsydyr bir sebäplere görä, beýleki ýurtlarda galan raýatlarymyzyň ýüztutmalaryna ünsli sereder ýaly we olara zerur bolan kömegi berer ýaly daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyza tabşyryk bermegiň zerurdygyny aýtdy.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklaryny, hususan-da, ýurdumyz boýunça jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlaryny döretmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnamalar barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmeginiň jemgyýetçilik durnuklylygyň möhüm şertidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň has gür ilatly etraplarynda jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlaryny guramagy tabşyrdy. Olar jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik ederler.
    Jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlarynda polisiýanyň ýerli wekilleri, Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik tertibini we ýol gözegçiligini üpjün etmek baradaky gullugynyň wekilleri gije-gündizleýin nobatçylygy amala aşyrmalydyrlar.
    Bu düzümleriň esasy maksady jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmakdan, şahsy we emläk howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmakdan, zerur bolanda ilkinji lukmançylyk kömegini bermekden, terbiýeçilik işlerini geçirmekden we beýlekilerden ybarat bolmalydyr. Bu nokatlara niýetlenen binalaryň binagärligi babatda käbir tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz şeýle hem bu düzümleri döwrebap aragatnaşyk serişdeleri hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi olaryň üstüne ýüklenen wezipeleri dessine we zerur derejede çözmäge mümkinçilik berer.
    Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň başyndan bäri Milli Parlamentiň alyp baran işleri barada habar berdi. Şu döwürde Mejlisiň bir maslahaty geçirilip, onda kanunlaryň 17-si we kararlaryň 4-si kabul edildi.
    Ýurdumyzyň halk hojalyk pudaklarynyň depgininiň ösüşini kanunçylyk taýdan mundan beýläk-de üpjün etmäge, ilatyň saglygyny berkitmäge hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy dowam edýär.
    Hasabat döwründe «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy. Her hepdede, iş toparynyň maslahatlary geçirilip, olarda şunuň bilen baglanyşykly gelip gowuşýan teklipler seljerilýär.
    Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, okuw mekdeplerinde geçirilýän çäreleriň barşynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerinde konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär.
    Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, daşary döwletleriň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi. Parlamentariler döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge bagyşlanylan okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň çap edilen taslamasy boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň we teklipleri taýýarlamagyň ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz Konstitusion toparyň mejlisini geçirmäge gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatyny diňledi.
    Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi.
    Maýa goýumlaryny özleşdirmek, milli baýramçylyklar hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem ýetip gelýän Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna bedenterbiýe-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet bermegiň hem-de Diýarymyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine, aşgabatlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy gurmak we abadanlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
    Şeýle hem şanly senä gabatlanyp ulanylmaga beriljek desgalaryň hemmesinde işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirip, gurluşygyň möhletiniň we hiliniň berk berjaý edilmegine uly üns bermek tabşyryldy.
    Milli Liderimiz 7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk güni baradaky meselä gaýdyp gelmek bilen, beden saglygyny berkitmek üçin geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol gün köpçülikleýin welosiped ýörişi hem-de paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda we sport meýdançalarynda medeni-sport çärelerini geçirmek meýilleşdirildi.
    Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň netijeleri, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi boýunça görülýän çäreler, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmegiň hem-de meýdanlarda ýetişdirilýän bugdaýa ideg etmekde bellenen agrotehniki kadalary berk berjaý etmegiň zerurdygy barada görkezme berip, dürli oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende pudaklaýyn ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny iş ýüzünde ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
    Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegi bilen bir hatarda, welaýatyň durmuş düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek baradaky meseleleriň hem hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtap, häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
    Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde birinji çärýekde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Häkim welaýatyň ykdysadyýetindäki işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmegiň depginleri barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljekde «ak altynyň» bereketli hasylyny almagyň köp babatda ekişiň geçirilişiniň hiline baglydygyny belledi hem-de ähli guramaçylyk meseleleriniň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
    Agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen bugdaýa zerur derejede ideg etmegiň möhümdigine üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ulgamyna döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.
    Ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, sebitde döwrebap düzümleri döretmäge gönükdirilen welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, bina edilýän desgalaryň gurluşyklarynyň möhletiniň we hiliniň berjaý edilişine gözegçilik etmäge degişli häkime anyk görkezmeler berildi.
    Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň üç aýynda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda oba hojalyk çäreleriniň netijeleri, ýazky ekişiň barşy hem-de güýzlük bugdaýa ideg edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime güýzlük bugdaýa ideg etmek, möwsümleýin işleri, şol sanda gowaça ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleriniň bellenen möhletde geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
    Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk işlerini geçirmäge, obasenagat ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ýurdumyzyň iň gowy tejribesini işjeň ulanmaga berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Welaýatyň desgalarynda gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.
    Döwlet Baştutanymyz häkime Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda birnäçe tabşyryklary berip, Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde amala aşyrylýan özgertmeleriň depginine hem-de hiline nägilelik bildirip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe käýinç yglan etdi.
    Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, güýzlük bugdaýa, gök-bakja önümlerine, ýeralma ideg etmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler hem-de gowaça ekişiniň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem maldarçylygy ösdürmek, ilkinji nobatda, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň hem-de gowaça ekişiniň barşyny üns merkezinde saklamak gerek, şol çäreleriň toplumlaýyn guralyşyna, maksatnamalaýyn borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilişine baglydyr diýip nygtady.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow maldarçylyk hojalyklarynyň işini degişli derejede guramagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde bina edilýän iri desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, obalary özgertmek baradaky Milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyklaryň depginini güýçlendirmek barada görkezme berdi.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
    Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,4 göterime deň boldy.
    Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 118,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,3 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 131,8 göterim ýerine ýetirildi.
    Şu günler ekerançylar bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda işleri alyp barýarlar.
    Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edýär, bu işi öz möhletinde geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny bökdençsiz işletmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär.
    Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi.
    Iki sany möhüm möwsüm, ýagny galla oragy we pagta ýygymy möwsümleri ýetip gelýär. Bu işlere gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyz gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmegiň, olaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň hem-de oba hojalyk önümleriniň importyny azaltmagyň möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek wajypdyr.
    Hormatly Prezidentimiz pudakda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de onuň mundan beýläk hem durnukly ösmegini gazanmak meselesi barada durup geçip, ýurdumyzyň agrosenagat pudagyna elektron dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
    Döwlet Baştutanymyz maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi, şeýle hem welaýatlarda owlak-guzy möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
    Ýokanç keselleriň ýaýramak mümkinçiliginiň öňüni almak maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi beýleki degişli gulluklar bilen bilelikde ýokanç keselleri ýaýradyjylar bolup biljek çöl haýwanlaryna, zyýankeşlere we mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça gorag çärelerini geçirmegi üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
    Soňra hormatly Prezidentimiz şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine ünsi çekip, koronawirus keseliniň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, ýurdumyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň öndürilişi ýylyň başyndan bäri 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanyldy, zähmet haklary 10 göterim artdyryldy.
    Türkmenistanda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we birnäçe beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
    Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilýär, bazar ykdysadyýeti kemala gelýär, nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan energetika we aragatnaşyk ulgamlary, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri taslamalaryň gurluşyklary alnyp barylýar. Şeýle hem beýleki halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyna taýýarlyk görülýär.
    Hususy pudaga goldaw bermek, ykdysadyýetdäki özgertmelerimizi amala aşyrmaga öz telekeçilerimizi giňden çekmek syýasatyny alyp barmak yzygiderli dowam edýär.
    Berkarar döwletimiziň syýasy ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem dowam etdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Esasy Kanunymyza girizilýän üýtgetmeler bütin ýurdumyzda ara alnyp maslahatlaşylýar, şunuň bilen baglylykda, dürli çäreler geçirilýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde dünýäde örän çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýändigini belledi. Dürli derejeli agentlikleriň halkara bilermenleri şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy derejede pese düşmegini çaklaýarlar. Koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine zyýanly täsir edýändigini belleýärler.
    Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz goşmaça çäreleri görmegi hem-de işläp gelýän önümçilikleri we iş orunlaryny saklamagy tabşyrdy. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi içerki önümçiligi ýokary depginli ösdürmek we senagat taýdan öz-özüňi üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmak, importy azaldyp, eksporty artdyrmak esasynda üpjün edilmelidir. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek iň möhüm ugurlaryň biri bolmalydyr.
    Şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde we ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlendi. Bu wezipeler bizden ýokary depginler bilen köp işleri amala aşyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin biz yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
    Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berilmelidir. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikler doly peýdalanylmalydyr. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi biziň yhlasly zähmetimize bagly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýdylanlary jemledi.
    Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň