Şertnamasynyň möhleti 3 ýyl uzaldyldy

20:4903.04.2020
0
1000

Germaniýanyň “Bawariýa” topary häzirki tälimçisi Hans Flik bilen şertnamasynyň möhletini 2023-nji ýyla çenli uzaltdy. Ozal 55 ýaşly tälimçi bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşylypdy. Hans-Diter Flik çempionatyň 10-njy tapgyrynda, “Bawariýanyň” “Aýntrahtdan” 5-1 utulmagyndan soň, Niko Kowaçyň ornuna wezipä bellenilipdi. Ol Kowaçyň kömekçisi wezipesinde işleýärdi. 25 tapgyry tamamlanan “Bundesligada” “Bawariýa” topary 55 utuk bilen 1-nji hatarda barýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň