Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky zawodda oba hojalyk gurallarynyň 100-den gowrak görnüşi öndürilýär

19:0503.04.2020
0
868

Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda öndürilýän önümleriň möçberi, edilýän hyzmatlaryň we işleriň görnüşleri barha artýar. Welaýatyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan zawodda ýylyň başyndan bäri 350 müň manatlyga golaý iş edildi ― diýip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýty «Türkmenistan» gazetinden berlen habara salgylanyp ýazýar. 

Bu ýerde tejribeli ussalaryň, ezber işçileriň 60-a golaýy zähmet çekýär. Olar oba hojalyk tehnikalaryny we dürli görnüşli iş gurallaryny düýpli abatlamak hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak işlerini göwnejaý alyp barýarlar. Kärhanada önümçilik bölümleriniň 2-si hereket edýär. Zawodyň mehaniki bölüminde oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň, ekerançylyk işlerinde giňden ulanylýan oba hojalyk gurallarynyň 100-den gowrak görnüşi öndürilýär hem-de etraplardaky hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar. 

Kärhananyň tehniki bölüminde metallary gaz bilen kesmek we kebşirlemek üçin ulanylýan, tehnikalaryň abatlaýyş işlerinde zerur bolan kislorod öndürilýär.Gowaça ekişine gyzgalaňly taýýarlyk görülýän, ak ekinlere ideg işleriniň göwnejaý alnyp barylýan häzirki günlerinde zawodda öndürilen ätiýaçlyk şaýlary, dürli görnüşli iş gurallary hem-de beýleki önümler oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz hem netijeli işledilmegine ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň