Soňky habarlar

Arhiw

XIX asyra degişli tapyndylar döwlet muzeýine tabşyryldy

18:5903.04.2020
0
780

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar, şeýle-de Taryh we etnografiýa institutlarynyň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlaryna guralan etnografiýa ylmy-döredijilik saparynyň ikinji tapgyry Balkan welaýatynyň Esenguly, Etrek etraplarynda, Balkanabat, Gumdag şäherlerinde, Jebel şäherçesinde boldy ― diýip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýty «Edebiýat we sungat» gazetiniň habaryna esaslanyp ýazýar.

Bu ýerlerde dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen duşuşyp, olaryň halk hakydasynda ebedi galan milli mirasymyzyň dürli görnüşleri baradaky gürrüňlerini, gadymy gazallary, hüwdüleri, dessanlary wideoýazgy edilip, aýdym-sazlaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary barada maglumat toplanyldy. 

Saparyň dowamynda Etrek etrap şäher Medeniýet öýüniň guramaçysy Çary Saparmämmedow döwletli ojagynda saklap gelýän XIX asyryň ahyrynda dokalan ak öýüň bilguşagyny hem-de çuwaly döwlet muzeýine tabşyrmak üçin berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň