Soňky habarlar

Arhiw

TSTP-niň geçiren maslahaty sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlandy

13:0703.04.2020
0
8318

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi (TIPT) tarapyndan Aşgabat şäherinde sagdyn durmuş ýörelgelerine, dogry iýmitlenmäge we bedenterbiýedir sportuň saglyga peýdasyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa partiýanyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça wekilleridir işjeň agzalary gatnaşdy.

Çäräni Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýolbaşçysy Saparmyrat Owganow açdy. Ol öz çykyşynda Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalarynyň gurlandygyny, ilata ýokary hilli hyzmatlar bermek üçin saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini we kämilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet häzirki zaman sport we bedenterbiýe infrastrukturasyny giňeltmek üçin ep-esli maýa goýýar; gurulýan ähli täze ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary sport zallary, howuzlar, futbol meýdançalary we tennis kortlaryny bilen bilelikde gurulýar. Mahlasy, ýurtda islendik adamyň fiziki sagdynlygyny saklap bilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Owganow gatnaşyjylary sagdyn durmuş ýörelgesini we bedenterbiýe we sporty ösdürmek işini telekeçileriň arasynda hem güýçlendirmäge çagyrdy. Munuň üçin birnäçe çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Partiýa tarapyndan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň hem uly toplumy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň