Türkmenabatda Owganystan we Merkezi Aziýa bilen medeni hyzmatdaşlyga bagyşlanan çäre geçirildi

11:4003.04.2020
0
536

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň şanyna Owganystan we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen medeni hyzmatdaşlygyna bagyşlanan dabara geçirildi — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dabaranyň dowamynda goň­şy halklaryň taryhy we şu güni barada gürrüň berýän wideogörnüşler görkezildi. Şäheriň tans toparlarynyň ýerine ýetiren doganlyk tanslary we dürli dillerdäki aýdym-sazlar dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň taryhy, edim-gylymlary, milli aýratynlyklary barada gürrüň berýän kitapçalar paýlanyp berildi.

Baýramçylyga beslenen çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat ge­ňeşi hem-de BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň