Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatdaky muzeýde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan sergi açyldy

11:3503.04.2020
0
3011
Türkmenabatdaky muzeýde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan sergi açyldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagtlaýyn sergi açyldy. Ol «Sagdyn durmuş ― Bagtyň gözbaşy» diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işiniň ähli jiltleriniň ýerleşdirilmegi sergä bolan gyzyklanmany has hem artdyrdy. Milli Liderimiziň 11 jiltden ybarat bu işi diňe bir ildeşlerimiz üçin däl, dünýä lukmançylygy üçin hem gymmatly gollanmadyr.

Sergide bu kitapda ady geçýän we Lebap sebitlerine mahsus bolan dermanlyk ösümlikleriň nusgalary hem ýerleşdirilipdir. Muzeýiň hünärmenleri olaryň her biri hakynda gyzykly gürrüňleri berýärler.

Serginiň bir bölümi sporta bagyşlanypdyr. Bu ýerde welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi tarapyndan ýerleşdirilen kuboklardyr medallar ünsüňi özüne çekýär. Olaryň aglabasy lebaply türgenleriň soňky ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlarda mynasyp bolan baýraklarydyr. Bölümde Jeýhun ýakasynda önüp-ösen, halkara üstünlikleri bilen türkmen sportunyň şanyna şan goşan türgenleriň fotoalbomy hem bar.

Wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasyna sport we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, syýasy partiýalardyr iri jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri hem-de Lebap welaýat maliýe we ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Muzeýiň işgärleri olara şu gezekki serginiň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Olaryň hem aýdyşy ýaly, saglyk we sport ulgamlarynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi öz işini 10-njy marta çenli dowam eder.

Ýeri gelende aýtsak, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýurdumyzdaky şanly seneleriň ählisi mynasybetli wagtlaýyn sergileri geçirmegi asylly däbe öwürdi. Bu sergiler bilen muzeýiň resmi web saýty (www.lebapmuseum.gov.tm) arkaly hem gaýybana tanyşmak mümkindir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň