Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda döwlet edaralaryny hususylaşdyrmak boýunça auksion geçirilýär

11:3203.04.2020
0
13812

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet emlägini hususylaşdyrmak baradaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet emläginiň bir bölegini satmak üçin auksion yglan edýär.

Auksion 22-nji aprelde sagat 10.00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda(Aşgabat şäheriniň «Arçabil» şaýoly, 156-njy jaý) geçiriler.

Auksionda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Söwda we dykdysady gatnaşyklar, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliklerine, «Türkmengaz»döwlet konsernine, «Türkmenhaly» önümçilik birleşigine, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna we Lebap welaýat häkimligine degişli desgalar satlyga çykarylar.

Desgalaryň doly sanawy «Türkmenistan» we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde çap edildi.

Gyzyklanma bildirýänler üçin telefonlar:

Aşgabatda: (+993 12) 39-46-09 / 72/73/75
Änewde: (+993 137) 3-30-21 / 3-31-80
Balkanabat şäherinde: (+993 222) 7-89-34 / 7-89-17 / 7-89-53
Daşoguz şäherinde: (+993 322) 9-10-19 / 9-15-10
Türkmenabat şäherinde: (+993 422) 6-11-52 / 6-11-59
 Mary şäherinde: (+993 522) 6-06-87 / 6-05-41.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň