Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda şu ýyl 2 million kub metrden gowrak agyz suwy öndürildi

11:3203.04.2020
0
1041

Daşoguz «Welaýatagyzsuw» birleşiginde ilaty arassa içimlik suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri birleşik boýunça 2 million 70 müň 371 kub metr arassa agyz suwy öndürildi — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Birleşigiň düzümindäki Daşoguz hem Köneürgenç şäherleriniň agyz suw müdirliklerinde, şeýle-de dokuz sany etrap agyz suw bölümlerinde bar bolan dik guýularyň 409-sy öndürijilikli işledilýär. Birleşigiň müdirlikleri hem-de bölümleri tarapyndan ilata bir gije-gündiziň dowamynda 23 müň kub metre golaý içimlik suw berilýär.

Köneürgenç hem Ruhubelent etraplarynda täze suw desgalarynyň işe girizilmegi, Gurbansoltan eje adyndaky etrapda öň­den hereket edýän suw desgasynyň öndürijilikli işledilmegi sarp edijileriň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Welaýat merkeziniň ilatynyň içimlik suw bilen üpjünçilik meselesine aýratyn üns berilýär. Daşoguz şäher agyz suw müdirligi boýunça şu ýylyň başyndan bäri 1 million 265 müň 177 kub metr agyz suwy öndürilip, ilata ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň