Soňky habarlar

Arhiw

Magtymgulydaky kärhanada şu ýyl 130 müňe golaý tikin önümleri, 3 müň jübüt aýakgap öndürildi

11:3003.04.2020
0
794

Magtymguly şäheriniň Tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň hünärmenleri şu günler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu häzirki zaman kärhanasynda şu ýylyň arka atylan üç aýynda tikin we örme önümleriniň jemi 129 mü­ňe golaýy, aýakgap jübütleriniň hem 3 mü­ňüsi taýýarlanylyp, 2 million 726 müň manatlyga barabar iş bitirildi.

Hasabat döwründe taýýar önümleriň ýüzlerçe müň manatlygyny buýrujylara ugratmagy başaran fabrikler toplumynyň hünärmenleri asylly maksatlaryna ýetmek üçin barha uly hyjuw bilen zähmet çekýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň