Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda suratkeş Atajan Aşyrowyň şahsy sergisi guraldy

11:2703.04.2020
0
609

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde halypa suratkeş Atajan Aşyrowyň şahsy döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy — diýip, «Edebiýat we sungat» gazeti habar berýär.

Bu günki günde degişme äheňli suratlaryň awtory hökmünde tanalýan halypa suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergide onuň dürli ýyllarda döreden eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Tomaşaçylary ýylgyrdýan şeýle eserler bu ýere gelenlere egsilmez şatlyk paýlady. Şeýle-de sergide dürli şekiller bilen bezelen kädiler görkezildi.

Halypa suratkeşiň bu kädilerden diňe bir ajaýyp sungat eserini döretmän, eýsem, olary ösdürip ýetişdirýändigi diýseň gyzyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň