Soňky habarlar

Arhiw

“Nikon” tölegsiz okuw hödürleýär

11:0703.04.2020
0
342
“Nikon” tölegsiz okuw hödürleýär

Fotoenjam öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Nikon” internet arkaly tölegli hödürleýän fotosuratçylyk okuwlaryny tölegsiz etdi. Soňky ýyllarda telefonlaryň hem fotoenjama öwrülendigi sebäpli, hemme kişi diýen ýaly surata düşürmek bilen meşgullanýar. Şol sebäpli şeýle okuwlara hem artdy. Fotosuratçylykda baý tejribesi bolan ýapon kompaniýasy 15-50 dollar aralygynda tölegi bolan bu hyzmatyny 30-njy aprele çenli mugt hödürlär. Tölegsiz edilen okuwyň jemi 6 sagada barabar. Onlaýn okuwda fotosuratçylyga degişli başlangyç maglumatlar, şeýle hem ýagtylykdan peýdalanmagyň inçe syrlary öwredilýär. Bulardan başga-da, Çagalary, öý jandarlaryny, daş-töweregi nähili surata almalydygy, sazly wideolary taýýarlamagy we makrosuratçylygy öwredilýär.

Ussat suratçylar tarapyndan iňlis dilinde taýýarlanan okuwlara şu salgydan tomaşa edip bilersiňiz:  
https://www.nikonusa.com/en/learn-and-explore/videos.page?utm_source=webtekno

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň