Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň ilkinji goşa ekranly kompýuteri

10:4603.04.2020
0
811

Dünýäniň öňdebaryjy kompýuter we kompýuter tehnologiýalaryny öndüriji kompaniýalarynyň biri bolan ASUS ilkinji goşa ekranly ýan kompýuterini köpçülige tanyşdyrdy. “ROG Zephyrus Duo 15” atly kompýuterde biri 15,6 dýuým, beýlekisi 14,1 dýum bolan iki sany ekran bar. Kompaniýa oýun oýnamaga niýetlenen kuwwatly kompýuterleri öndürmäge-de aýratyn ähmiýet berýär. Bu kompýuter hem oýun oýnamagy halaýanlara niýetlenipdir. Kompýuteriň esasy ekranyny 4K durulygynda hem-de FHD (1080p) durulygynda sazlap bolýar. Ikinji ekran 3840x1100 piksel durulygynda bolup, iki ekrany bir wagtda görüp hem-de dolandyryp bolýar. Munuň üçin, ikinji ekrany 13 dereje galdyryp bolýar. Bulardan başga-da, 32 GB DDR4 3.200 MHz RAM-ly kompýuteriň 2 TB RAID 0 SSD ýady bar. Bu bolsa oýun oýnalanda esasy gerekli zatlaryň biri bolan tizligi aňryýany bilen hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň