«Milli goşun» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:5802.04.2020
0
5002

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan neşir edilýän «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy ― diýip, TDH habar berýär.

Žurnalyň nobatdaky sany türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan makala bilen açylýar. Makalalaryň ýene biri 27-nji ýanwarda her ýyl bellenilýän baýramçylyga — Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp, ol okyjylary harby ulgamda geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyrýar.

Žurnalda okyjylaryň dykgatyna harby-watançylyk wideoşekilleri taýýarlamak işi bilen tanyşdyrýan makala hem ýerleşdirildi. Şol wideoşekillerde  Milli goşunynyň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen harby özgertmeler şöhlelendirilýär.

Beýleki bir makalada Harby-howagüýçleriniň hem-de Howa hüjümindengoranmak goşunlarynyň uçarmanlarynyňgullugy hakynda gürrüň berilýär. Žurnalyňtäze sany 1941 — 1945-nji ýyllaryň BeýikWatançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan makala bilen dowamedýär. Onuň awtory türkmen halkynyň Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna goşan uly goşandy hakynda wajyp maglumatlary getirýär.

Neşiriň merkezi sahypalarynda Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň depginini şöhlelendirýän infografika ýerleşdirildi. Şol guramalaryň hatarynda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýlekiler bar.

Žurnalyň täze sany harby lukmançylyk gullugynda dürli wezipelerde 38 ýyl zähmet çeken, harby lukmanlaryň ençeme neslini ösdürip ýetişdiren lukmançylyk gullugynyň ätiýaçdaky polkownigi barada gürrüň berýän makala bilen dowam edýär. Onda halypa lukman öz baý durmuş tejribesi, gullukda bolup geçen täsin wakalar barada gürrüň berip, ýaşlary ata Watanymyzyň bähbidine wepaly gulluk etmäge çagyrýar.

Şeýle-de, žurnalyň okyjylarynyň dykgatyna türkmen balykçylarynyň sport edermenligi hakynda makala hödürlenýär. Şol balykçylar 1936-njy ýylda taýmyl gaýyklarynda Hazar deňzi, Wolga we beýleki derýalar arkaly Türkmenbaşy şäherinden Moskwa çenli 4 müň 600 kilometrden gowrak ýoly 93 günde geçipdirler. Makala okyjylary şol edermen adamlaryň terjimehaly, geçen ýoly hem-de taýmyl ýörişi hakyndaky beýleki gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrýar.

Neşiriň makalalarynyň birinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Milli goşun» žurnalynyň saýtynda geçirilen «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin» atly döredijilik internet-bäsleşigi hakynda gürrüň berilýär.

Türkmen dilinde çärýekde bir gezek çap edilýän «Milli goşun» žurnaly okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Ýokary hilli fotosuratlar we habarlar žurnalyň tapawutly aýratynlygy bolup, olar watançylygyň we edermenligiň hakyky mekdebi bolup durýan harby gulluk hakynda, türkmen halkynyň asuda durmuşynyň goragynda duran Watan goragçylarynyň gündelik durmuşy barada gürrüň berýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň