Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

23:2502.04.2020
0
8131

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşler taraplaryň köp ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi dürli ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga goşmaça itergi berer.

Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — «KamAZ» awtomobil gurluşyk kärhanasy, «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýeti, Kazanyň dikuçar zawody we beýleki köp sanly kärhanalary bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mysaly bolup biler.

Awtoulag serişdeleriniň dürli kysymlary yzygiderli iberilýär, bu ýokary öndürijilikli tehnikalara hyzmat etmek boýunça merkezleri gurmak we enjamlaşdyrmak babatda işler amala aşyrylýar.

«Tatneft» ýangyç-energetika toplumynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri geçirýär, Hazaryň türkmen bölegini özleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Meýilnama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toplumlaýyn energoösüş Holding» dolandyryjy kompaniýasy” atly jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde toplumlaýyn dökünleri öndürmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär.

Birinji Hazar ykdysady forumynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, dürli maksatly dikuçarlar, şeýle hem konteýnerleri daşaýan deňiz gämileriniň täze görnüşleri iberilip başlandy.

Taraplar şeýle hem dostluk we özara düşünişmek ýagdaýyndaky türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşarky ýagdaýlara garamazdan, öz wagtynda bilelikde görlen çäreleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň